Turkmenportal logo
16.07.24
1230512305
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Aždarhanyň öýüniň» dowamynyň treýleri çap edildi
«Aždarhanyň öýüniň» dowamynyň treýleri çap edildiSurat: rg.ru

Internetdäki «Max» striming gullugy «Aždarhanyň öýi» serialynyň altynjy bölüminiň treýlerini çap etdi, ol «Tagtlaryň oýny» atly meşhur serialynyň öňi bolup durýar.


Täze bölümde baş gahryman gyz Reýniranyň duşmanlara garşy aždarhalary ugratmak kararyna gelşi barada gürrüň berilýär. Bu gezek aždarhalaryň arasynda Targarienler nesilşalygynyň iň uly aždarhasy bolan Wermitor hem bar.


6-njy bölümiň ilkinji görkezilişi 21-nji iýulda bolar diýip, «rg.ru» ýazýar.