Turkmenportal logo
10.07.24
97779777
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa we Hindistan onýyllygyň ahyryna çenli haryt dolanyşygyny 100 milliard dollara ýetirmekçi
Russiýa we Hindistan onýyllygyň ahyryna çenli haryt dolanyşygyny 100 milliard dollara ýetirmekçiSurat: gazeta.ru

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin we Hindistanyň hökümet başlygy Narendra Modi öz ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygyny üstümizdäki onýyllygyň ahyryna – 2030-njy ýyla çenli 100 milliard dollara ýetirmek barada maksat goýdular. Bu barada rus lideriniň kömekçisi Maksim Oreşkiniň sözlerine salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.


Oreşkin şeýle-de taraplaryň ýurtlaryň arasynda pul hasaplaşyklarynda milli töleg ulgamlaryndan peýdalanmak hem-de derman önümçiligi senagatynda, awiagurluşykda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşandyklaryny habar berdi.


Putin bilen Modiniň ikiçäk gepleşikleri düýn – 9-njy iýulda Kremlde geçdi hem-de 2,5 sagat töweregi dowam etdi. Gepleşikler tamamlanandan soňra Russiýanyň döwlet Baştutany premýer-ministr Narendra Modiniň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşi ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.