Turkmenportal logo
01.07.24
1720517205
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen telekeçileri üçin 2024-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2024-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär.


«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler pensiýa gatançlaryny şu ýylyň 1-nji iyulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler.


Pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygy baradaky bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirilen.