Turkmenportal logo
11.06.24
2148121481
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda yssy howa bolar, birnäçe welaýatlarda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagyna garaşylýar
Surat: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanda yssy we birnäçe welaýatlarda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Käbir sebitlerde howanyň ortaça temperaturasy + 42 gradus bolar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.


Aşgabatda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +21... +23 gradusdan +24... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +37 gradusdan +39... +41 gradus aralygynda yssy bolar.


Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +37... +42 gradus aralygynda yssy bolar.


Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36... +41 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +32... +37 gradus yssy bolar.


Mary welaýatynda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +19... +24 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda, gündizlerine +33... +38 gradusdan +37... +42 gradus aralygynda yssy bolar.


Lebap welaýatynda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +18... +23 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +37... +42 gradus aralygynda yssy bolar.


Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +18... +23 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +35… +40 gradus aralygynda yssy bolar.