Waşington şäherinde Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe medeni we sport çärelerini geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar.
Habarda bellenilişi ýaly, 25-nji maýda ilçihananyň binasynda türkmen diasporasynyň wekilleriniň, diplomatlaryň, talyp ýaşlaryň we edebiýat muşdaklarynyň gatnaşmagynda edebiýat agşamy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewanyň we Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.B.Orazowyň çykyşlary bilen başlandy.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» we «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň hem-de beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň täze goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmen talyplary çärä gatnaşyjylary bu kitaplaryň mazmuny bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okaýyşlary ýerine ýetirildi.
Çäräniň edebi bölegi tamamlanandan soňra küşt boýunça ýaryşlar geçirildi. Şeýle-de bu ýerde Magtymguly Pyragynyň we türkmen edebiýatynyň beýleki nusgawy şahyrlarynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen eserlerini, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, taryhyny we däp-dessurlaryny beýan edýän sergi guraldy.
Şeýle hem 26-njy maýda Waşington şäherinde köpçülikleýin welosiped ýörişi guraldy. Welosiped ýörişine gatnaşyjylar ABŞ-nyň paýtagtynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet tuguny belende göterip geçmek bilen, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän halkara çäreleriň ähmiýetini we Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine ymtylyşyň wajyplygyny görkezdiler.
Çäreleriň toplumy Maklin şäherçesinde (Wirjiniýa ştaty) türkmen diasporasynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň we diplomatlaryň gatnaşmagynda geçirilen futbol ýaryşy bilen tamamlandy. Ýaryşyň ahyrynda ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy diýlip, habarda bellenilýär.
