Turkmenportal logo
27.05.2024
1028010280
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň milli baýramy – Garaşsyzlyk güni mynasybetli Gruziýanyň Prezidenti hanym Salome Zurabişwilä tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Salome Zurabişwilä berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.