Turkmenportal logo
20.05.24
4696546965
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna haýsy awtobuslarda baryp bolýar

Golaýda Aşgabadyň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we täze medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy.


Täze seýilgäh meýdançasyna barmak we täsin ýadygärligi görmek üçin Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary hem-de paýtagtyň myhmanlary 35-nji (Awtokombinat – «Saglyk ýoly») we 20-nji (Demir ýol menzili –«Saglyk ýoly») awtobus ugurlaryndan peýdalanypbilerler.


Ýatlatsak, Aşgabadyň günortasynda ýerleşýänMagtymguly Pyragynyň 60 metrlik heýkeli we medeni-seýilgäh toplumy 17-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň we köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.