Turkmenportal logo
19.04.24
2264822648
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary şu günler Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara ýaryşyň finalyna çykmagy başaran ilkinji topar boldy. «Galkan» bu hukugy şu gün 4-nji tapgyrda Özbegistanyň «Feniks» toparyny uly hasap bilen ýeňenden soň gazandy.


Günüň birinji ýarymynda Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly zalynda «Feniks» bilen duşuşan «Galkan» «A» toparçadaky esasy bäsdeşini 9:1 hasabynda ýeňip, toparçalaýyn tapgyrdaky duşuşyklarynyň ählisini hem ýeňiş bilen tamamlady. Bu ýeňişler «Galkanyň» utugyny 12-ä çykardy. Şu gün «Galkandan» asgyn gelen «Feniks» bolsa ertir ýeňiş gazanaýan-da hem 9 utuk bilen ikinji orny eýeläp, umumy ýaryşyň üçünji orny ugrundaky göreşe goşular.


Günüň beýleki duşuşyklarynda «Adihis-Kazan» «Wolaty» 5:3, «Ice Box» «Oman Nationals»-y 6:0, «Dordoý» bolsa «Team Turkiye» toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi.


4-nji tapgyrdan soň «A» toparçada «Galkanyň» 12, «Feniks» bilen «Ice Box»-yň 6 utugy bar. Dört tapgyrda üç duuşykda geçiren «Bahreýn» we «Oman nationals» toparlary bolsa heniz utuk gazanyp bilmedi.


Bassyr üçünji duşuşygynda üç ýeňiş gazanan «Adihis-Kazan» «B» toparçada 9 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. Kazandan gelen hokkeýçileriň finalda «Galkanyň» garşydaşy bolmak mümkinçiligi has ýokary.


6 utukly toparlardan «Wolat» ikinji, «Akmola» üçünji orny eýeleýär. Toparçada «Dordoýyň» 3 utugy bar. Halkara ýaryşdaky çykyşlaryny tamamlan «Team Turkiye» bolsa bir utuk hem gazanyp bilmedi.


Halkara ýaryşda toparçalaýyn tapgyryň jemleýji duşuşyklary ertir ― 19-njy aprelde geçiriler. 20-nji aprelde bolsa birinji, ikinji we üçünji orunlaryň eýelerini kesgitlejek duşuşyklar bolar. Bassyr dört duşuşyk geçiren «Galkan» ertir finalyň öňüsyrasynda dynç alar.


«Galkan» (Türkmenistan) ― «Feniks» (Özbegistan) ― 9:1.


Tapawutlananlar: Perhat Atekäýew (5 şaýba), Erkin Kakabaýew (2 şaýba), Baýmyrat Baýmyradow, Muhammetýar Nuryýew ― Daniel Kogan.


«Wolat» (Belarus) ― «Adihis-Kazan» (Tatarystan) ― 3:6.


Tapawutlananlar: Eduard Grinn (2 şaýba), Nikita Trubisin ― Adel Awzalow (3 şaýba), Aidar Miftahow, Nasser Subhi, Artur Zaripow.


«Oman Nationals» (Oman) ― «Ice Box» (Eýran) ― 0:6.


Tapawutlananlar: Arşiýa Gafuri, Matin Gaharzade (3 şaýba), Abdolfazi Eslami (2 şaýba).


«Team Turkiye» (Türkiýe) ― «Dordoý» (Gyrgyzystan) ― 2:4.


Tapawutlananlar: Ömer Güngör, Burhanettin Bakanogly ― Adil Bekmuratow, Žanbolot Tagaýew, Mamed Seýfulow (2 şaýba).


Ýaryş tertibi


A toparça


Toparlar

Oýunlaryň


sany

Ýeňiş

Utulyş

Geçiren goly

Goýberen


goly

Utuk


sany

1

Galkan


(Türkmenistan)

4

4

0

45

4

12

2

Feniks


(Özbegistan Respublikasy)

3

2

1

25

15

6

3

Ice Box


(Eýran Yslam Respublikasy)

3

2

1

15

14

6

4

Bahreýn”


(Bahreýn patyşalygy)

3

0

3

5

29

0

5

“Oman Nationals”


(Oman Soltanlygy)

3

0

3

4

32

0



B” toparça


Toparlar

Oýunlaryň


Sany

Ýeňiş

Ýeňiliş

Geçiren goly

Goýberen


goly

Utuk


sany

1

Adihic -Kazan


(Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy )

3

3

0

19

7

9

2

“Wolat” (Belarus Respublikasy)

3

2

1

12

10

6

3

Akmola


(Gazagystan Respublikasy)

3

2

1

14

12

6

4

“Dordoý” (Gyrgyzystan Respublikasy)

3

1

2

10

15

3

5

Team Türkiye”


(Türkiýe Respublikasy)

4

0

4

6

17

0