Turkmenportal logo
05.04.24
2010320103
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol çempionatynda 6-njy tapgyryň ähli duşuşygy bir günde geçiriler

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň ähli duşuşyklary bir günde ― şenbe güni, 6-njy aprelde geçiriler.


Şol gün sagat 16:00-da başlanjak duşuşyklarda «Şagadam» «Energetigi», «Nebitçi» bolsa «Ahaly» kabul eder.


16:30-da «Altyn asyr» bilen «Aşgabadyň», 17:00-da bolsa «Arkadag» bilen «Köpetdagyň» arasyndaky duşuşyklar başlanar.


6-njy tapgyryň doly tertibi:


6-njy aprel, şenbe:


  • 16:00 | «Şagadam» – «Energetik», «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy).
  • 16:00 | «Nebitçi» – «Ahal», «Sport toplumy» stadiony (Balkanabat).
  • 16:30 | «Altyn asyr» – «Aşgabat», Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligi.
  • 17:00 | «Arkadag» – «Köpetdag», «Arkadag» stadiony (Arkadag).

Bäş tapgyrdan soň 12 utukly «Arkadag» topary ýaryşyň başyny çekýär. Ýaryş tertibinde 9 utukly üç topar bar. Olar «Şagadam», «Ahal» we «Merwdir».