Turkmenportal logo
26.03.24
1116411164
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Bangladeşiň ýolbaşçylaryny ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddine hem-de ýurduň Premýer-ministri hanym Şeýh Hasina Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.


Habarda bellenilişi ýaly, mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Prezident Mohammed Şahabuddine we Premýer-ministr hanym Şeýh Hasina tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Bangladeşiň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.