Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.
Onuň dowamynda Gahryman Arkadag bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegiň maksadalaýykdygyny belledi. Bu barada TDH habar berdi.
Tagallalaryň birleşdirilmegi halkara hyzmatdaşlar we iri maýadarlar bilen bu ugurda ylalaşyklary gazanmaga mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek barada öňe süren strategiýasynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Bu ugurda türki döwletlere esasy orun degişlidir.
«Türki guşak» köp asyrlar mundan ozal adamzadyň ösüşine ägirt uly oňyn täsirini ýetirdi. Ol Gündogar we Günbatar medeniýetleriniň ösüşini geografik taýdan baglanyşdyryp, dürli ugurlarda bilimleriň, gazanylan üstünlikleriň giňden alşylýan ýeri boldy. Ýüzýyllyklara çeken bu iş taryhy ykbaly, köplenç, türki dünýä goňşulygy bilen kesgitlenen onlarça halky hem-de döwletleri öz içine aldy.
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow häzir gürrüň türki halklaryň bu beýik taryhy wezipesi barada gaýtadan oýlanmak we oňa uýgunlaşmak hakynda barmalydyr diýip, şonuň üsti bilen Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlyk etmegiň täze gurluşyny döretmegiň zerurdygyny belledi. Syýasatda, ykdysadyýetde, söwdada, medeniýetde, dünýägaraýyşda onuň esasy ugurlaryny kesgitläp, bu işe durnukly hem-de yzygiderli häsiýet bermeli.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, ynsanperwerlik biziň geňeşdäki işimiziň ileri tutulýan ugrudyr.
— Biziň halklarymyz diliniň, medeni hem-de taryhy kökleriniň umumylygy bilen tapawutlanýar. Biz halklarymyzyň ganyna we süňňüne siňen aslymyzdan, maşgala gatnaşyklaryna wepalylykdan, ata-enelerimizi, ýaşululary hormatlamakdan hiç haçan ýüz öwürmeýäris. Däp-dessurlarymyza hormat goýmakdan, watançylygymyzdan, borja ygrarlylygymyzdan el çekmeýäris.
Häzirki döwürde türki halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmegiň ähmiýetli bolşy ýaly, ýaş nesillere tejribämizi, müňýyllyklara uzaýan ruhy mirasymyzy geçirmek hem möhümdir. Ýaşlarda geçmişimize söýgi döretmek, olary halkyň, Watanyň bähbidine üstünlikleri gazanmaga taýýarlamak zerurdyr. Men şunda biziň geňeşimiziň işiniň esasy wezipeleriniň birini, bu ugurda döwlet tagallalary üçin daýanç hökmünde onuň ornuny görýärin — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.