Turkmenportal logo
07.03.24
1272412724
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«EuroHome TM» dükanynda Ýewropanyň santehnika brendleriniň tapawutly taraplary barada aýtdylar

Santehnika enjamlarynyň, hojalyk tehnikasynyň hem-de aksessuarlaryň jemlenen ýeri bolan «EuroHome TM» dükanynda özleriniň näme sebäpden Ýewropanyň brendlerine uly ähmiýet berýändikleri barada gürrüň berdiler:


- ýokary hil. Öndürijiler önümçiligiň ähli tapgyrlarynda iň ýokary derejeli hil standartlaryna eýerýärler.


- ygtybarlylyk. Önümler çydamlylygy we uzak möhlete niýetlenendigi, şeýle hem bökdençsiz işleýändigi bilen tapawutlanýar.


- innowasiýalar. Ýewropa kompaniýalary önümlerini günsaýyn kämilleşdirmek maksady bilen, önümçilige täze tehnologiýalary we ösüşleri yzygiderli ornaşdyrýarlar.


- ajaýyp dizaýn. Ýewropa brendleri hemişe döwrebaplyga kybap gelýän özboluşly stili we dizaýny bilen meşhurdyr.



«Ýewropanyň öndürijileriniň santehnika enjamlarynyň we aksessuarlarynyň size köp ýyllap hyzmat etjekdigine hem-de hemişe ýokary hilliligi bilen begendirjekdigine ynam bildirýäris» diýip, «EuroHome TM» dükanynyň wekili pikirini beýan edýär.


«EuroHome TM» dükany: «Duravit», «Villeroy&Boch», «Laufen», «Roca», «Abacus», «Gustavsberg», «Schütte», «Eyckhaus», «Home Creation», «Eisl», «Quınn» ýaly Ýewropanyň iň gowy brendleriniň santehnika enjamlaryny, wanna otaglary üçin aksessuarlaryny hem-de ýyladyş batareýalaryny hödürleýär.



Dükanda şeýle hem Ýewropa brendleriniň hojalyk tehnikalary: sowadyjylar, doňduryjylar, gap-gaç ýuwujy maşynlar we beýleki enjamlar hödürlenýär.


«EuroHome TM» dükany Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: G.Kulyýew köçesi, 64-nji jaý, «Türkmen deri» binasy, 2-nji gat.



Habarlaşmak üçin:


  • telefon belgileri: (+993 61) 99 71 74, (+993 65) 81 70 99;
  • elektron poçtasynyň salgysy: eurohometm@gmail.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň: