Turkmenportal logo
07.03.24
1780917809
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak, olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün – 6-njy martda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.


«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda kabul edilen resminama esasynda:


  • Rahman Joragulyýewiç Hojiýew Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenip, ol Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
  • Ogulnabat Döwletmyradowna Sähetmyradowa Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
  • Illi Pirmuhammedowiç Annaýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
  • Öregeldi Ýusupowiç Amanjanow Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
  • Döwran Ýagmyrowiç Altyýew Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
  • Ogulsuraý Borjakowna Baýramsähedowa Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
  • Jennet Ýakubowna Baýramowa Ahal welaýatynyň Tejen etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
  • Merdan Alymowiç Alymow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
  • Enwer Bagtyýarow Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
  • Öwezdurdy Süleýmanowiç Ataýew Lebap welaýatynyň Darganata etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenip, oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
  • Gülröwşen Hemraýewna Annaýewa, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Rozymyrat Durdyweliýewiç Hudaýberdiýew, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Şöhrat Dädebaýewiç Weljikow, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýatynyň Dänew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Rustam Hamraýewiç Atajanow Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.