Turkmenportal logo
04.03.24
4280942809
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisi we onuň çäginde türkmen-owgan işewürler forumy dabaraly ýagdaýda açyldy.



Türkmen we owgan öndürijileri sergide azyk we ýeňil senagat, oba hojalygy, sport önümleri, gurluşyk, dürli hyzmatlar ýaly ugurlarda öz stendlerini gurdular diýip, «Turkmenportal-yň» habarçysy habar berdi.



Sergä gelýänler üçin aýakgap, haly, egin-eşik we beýlekileri öndürýän owgan öndürijileriniň stendlerini görmek has-da gyzykly bolar.




Serginiň 6-njy marta çenli dowam etjekdigini ýatladýarys.