Turkmenportal logo
02.03.24
3354433544
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine 2024-nji ýylyň 15 – 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün – 1-nji martda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, resminama halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle-de Türkmenistanyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen kabul edildi.