Turkmenportal logo
01.03.24
2734427344
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

Şu gün — 1-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin, iş sapary bilen ugrady-diýip TDH habar berdi.


Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar ugratdylar.


Çeşmede bellenişine görä, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirildi.