Turkmenportal logo
29.02.24
1779817798
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň hokkeý boýunça DÇ-2024-de geçirjek oýunlarynyň tertibi belli boldy

Şaýbaly hokkeý boýunça halkara federasiýasy (IIHF) tarapyndan hokkeý boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň üçünji diwiziýonynyň «B» toparçasyndan orun alan oýunlaryň geçiriljek senesini we başlanjak wagtyny yglan etdi. Duşuşyklar 4 — 7-nji martda Keýptaun şäherinde geçiriler.


Keýptaundaky oýunlarda üçünji diwiziýonyň «A» toprçasyna ýollanma almak üçin dört topar: Gonkongyň, Taýlandyň, Türkmenistanyň we GAR-yň ýygyndylary güýç synanyşarlar.


Türkmenistanyň ýygyndysy ilkinji oýnuny 4-nji martda Taýlanda garşy geçirer. Maksat Ataýewiň şägirtleri 5-nji martda Gonkong bilen duşuşarlar hem-de 7-nji martda ýer eýesi GAR bilen boljak oýun bilen ýaryşy jemlärler.


Duşuşyklaryň ählisi Keýptaun şäherindäki «Buz menzili» sport toplumynda geçiriler.


Türkmenistanyň ýygyndysynyň geçirjek oýunlarynyň tertibi (aşgabat wagty bilen):


  • 4-nj mart / 17:30 – Taýland – Türkmenistan
  • 5-nji mart / 17:30 – Türkmenistan – Gonkong
  • 7-nji mart / 22:30 – GAR – Türkmenistan

Geçen ýyl Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Ulan-Bator şäherinde geçirilen 18 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasyndaky Aziýanyň we Ýuwaş ummany sebitiniň birinji çempionatynda kümüş medala mynasyp bolupdy. Oňa türkmen ýygyndysy bilen bir hatarda Özbegistanyň, Mongoliýanyň, BAE-niň, Taýlandyň we Eýranyň ýygyndylary gatnaşypdylar.