Turkmenportal logo
29.02.24
2402324023
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni dürliligi goramak we höweslemdirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň mejlisine gatnaşýar

27-nji fewraldan 1-nji mart aralygynda ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda Medeni dürliligi goramak we höweslendirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň 17-nji mejlisi geçirilýär. Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek baradaky Konwensiýasyň Sekretariatynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça orunbasary, Hökümetara Komitetine agza-döwletleriň we agzalan Konwensiýa agza-döwletleriň wekilleri we hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, bu mejlisiň işine türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň wekilleri gatnaşýar.


Mejlisiň dowamynda Komitet Hökümetara Komitetiniň 2024-2025-nji ýyllarda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamasyny tassyklady. Şeýle hem, 2025-nji ýylda Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilmeli çäreler baradaky Konwensiýasynyň agza-döwletleri tarapyndan öňe sürlen tekliplere seredildi.


Bu mejlisiň çäklerinde raýat jemgyýetiniň we hökümete degişli däl guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garalmagy meýilleşdirilýär diýlip, habarda bellenilýär.