Turkmenportal logo
27.02.24
2517325173
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen diplomaty «Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy» paýdarlar jemgyýetinde duşuşyk geçirdi
Surat: gov.tm

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredow bilen «Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy» paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary N.Samatowyň arasynda duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.


Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmak we söwda dolanyşygyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Habarda bellenilişi ýaly, özbek tarapy «Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy» paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işi barada tanyşdyrdy.