Turkmenportal logo
22.02.24
3301733017
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝÇL-iň 1/8 final tapgyrynyň deslapky oýnunda «Napoli» «Barselona» bilen deň oýnady
ÝÇL-iň 1/8 final tapgyrynyň deslapky oýnunda «Napoli» «Barselona» bilen deň oýnady

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň deslapky oýnunda Italiýanyň «Napoli» kluby öz öýünde Ispaniýanyň «Barselonasyny» kabul etdi. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlikde tamamlandy.


Duşuşykda hasap 60-njy minutda myhmanlaryň hüjümçisi Robert Lewandowski tarapyndan açyldy. 75-nji minutda bolsa «Napoliniň» hüjümçisi Wiktor Osimhen hasaby deňledi.


Günüň beýleki gapma-garşylygynda Portugaliýanyň «Portu» topary öz meýdançasynda Londonyň «Arsenalyny» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.


Bu jübütleriň arasyndaky jogap oýunlary 12-nji martda Barselona we London şäherlerinde geçiriler.


Ýeri gelende bellesek, turniriň häzirki çempiony «Mançester Siti» hasaplanýar. Ýaryşyň bu ýylky finaly 1-nji iýunda London şäherindäki «Uembli» stadionynda geçiriler.