Turkmenportal logo
21.02.24
3742737427
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde «Zenit» bilen deň oýnady

«Arkadag» futbol kluby Russiýanyň häzirki çempiony Sankt-Peterburgyň «Zenit» topary bilen ýapyk görnüşdäki ýoldaşlyk oýnuny geçirildi. Duşuşyk BAE-niň Abu-Dabi şäherinde geçirildi.


Ýoldaşlyk oýny 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. «Arkadag» toparynyň düzüminde Altymyrat Annadurdyýew tapawutlandy.




Mundan ozal, «Arkadag» RPL-iň ýene bir wekili «Pari NN» bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, onda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Wladimir Baýramowyň şägirtleri indiki ýoldaşlyk duşuşygyny Gyrgyz Respublikasynyň Superkubogynyň eýesi «Abdyş-Ata» bilen geçirerler.


Ýeri gelende ýatlatsak, futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň özenini düzýän «Arkadag» futbol kluby 2023-nji ýylyň aprelinde esaslandyryldy. Topar özüniň debýut möwsüminde Türkmenistanyň çempiony boldy we ýurduň Kuboguny eýeledi.