Turkmenportal logo
16.02.24
2121121211
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Litwanyň Prezidentini döwletiň dikeldilen güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.


Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gitanas Nauseda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Litwa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.


Litwa döwletiniň dikeldilen güni 16-njy fewralda bellenilip geçilýär we esasy döwlet baýramçylyklarynyň biridir.


Bu günde köp sanly çäreler — ýurduň ýokary derejeli işgärleriniň çykyşlary, Litwa Respublikasynyň Prezident köşgünde döwlet baýraklaryny gowşurmak dabarasy, dürli konsertler, dabaralar we beýleki baýramçylyk çäreleri geçirilýär.