Turkmenportal logo
08.02.24
2818028180
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan BUNKER-2001 konwensiýasyna goşuldy

Gämilere bunkerleme hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde halkara talaplaryny berjaý etmek maksady bilen, «Bunker ýangyjy bilen hapalanmakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi barada halkara konwensiýasyna» (BUNKER-2001) goşulmak barada degişli işler geçirilip, Halkara deňiz guramasy (HDG) tarapyndan Türkmenistanyň Konwensiýa goşulmagy makullanyldy. Konwesniýa Türkmenistan üçin 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinden başlap girýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, Konwensiýanyň esasy maksady – bunker ýangyjy bilen hapalanmak boýunça jogapkärçiligi kesgitlemek amallaryny we ýeke-täk öweziniň dolunmagy üçin ýeke-täk halkara kadalary we tertibi kabul etmekden ybarat. Konwensiýa laýyklykda, bunker ýangyjy – bu gämi hereketlendirijileriniň işlemegi üçin peýdalanylýan ýangyçdyr. Konwensiýa ýangyç dökülmeleri netijesinde zyýan çeken taraplara çalt we netijeli öwez dolmany üpjün edýär.


Häzirki wagtda BUNKER-2001 konwensiýa dünýäniň 100-den gowrak döwletleri agza bolup, şol sanda Hazarýaka döwletlerinden Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy we Eýran Yslam Respublikasy bu konwensiýa goşuldy.


BUNKER-2001 konwensiýasy HDG-sy tarapyndan 2001-nji ýylyň 23-nji martynda kabul edilip, 2008-nji ýylyň 21-nji noýabryndan güýje girdi.