Turkmenportal logo
07.02.24
2278622786
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti dürli maksatly desgalaryň ulanyşa berilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti dürli maksatly desgalaryň ulanyşa berilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy

2024-nji ýylda degişli iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna, ulanmaga tabşyrylmagyna, degişlilikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik ederler.

Gurluşyk we binagärlik ministrligine şol binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle-de möhlet tertibine laýyklykda, her aýda ulanmaga tabşyryljak binalary we desgalary kesgitläp, olaryň geçiriljek çäreleriň we açyljak medeni-durmuş maksatly binalaryň aýlyk tertibine goşulmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga 6-njy fewralda gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, resminama ýurduň maýa goýum meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Ozal biz şu ýyl Türkmenistanda medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň we desgalaryň 49-synyň açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar beripdik.