Turkmenportal logo
06.02.24
2378723787
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.


Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Sindi Kiro tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Täze Zelandiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.