Turkmenportal logo
05.02.24
2587225872
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Witebsk» Türkmenistanyň ýygyndysynyň goragçysyny düzümine goşandygyny habar berdi

Türkmenistanyň ýygyndysynyň 23 ýaşly goragçysy Wepa Jumaýew Belarusyň «Witebsk» toparynyň düzümine goşuldy. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berdi.


«Wepa Jumaýew — «Witebskiň» oýunçysy. Ol geçen möwsümde paýtagtyň «energetik» toparynda oýnady. Wepa Jumaýew geçen möwsümde çemponatyň ähli duşuşyklaryna gatnaşyp, 2 gol we bir golly pas bilen tapawutlandy» diýlip, habarda bellenilýär.


Ýeri gelende bellesek, Wepa Jumaýew profeesional karýerasynyň dowamynda «Köpetdag», (Aşgabat) «Lokomotiw», «Energetik-BGU» (ikisi hem Belarus) ýaly toparlarda çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem agzasy hasaplanýar.