Turkmenportal logo
05.02.24
1752117521
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Laosyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulite we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Laos Halk Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH ýazýar.


Döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine onuň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


Türkmenistanyň Prezidenti, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Thonglun Sisulite tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.