Turkmenportal logo
03.02.24
5208552085
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyşyna taýýarlyk görülýär

Aşgabatda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün — 2-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa döwlet Baştutanyna hasabat berdi.


Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň we söz ussatlarynyň heýkellerini oturtmak meýilleşdirilýär.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ulanmaga beriljek medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly görnükli şahsyýetleriň, meşhur ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň oturdylmagynyň umumadamzat gymmatlyklaryna bolan hormatdan nyşandygyny belledi. Munuň medeni gatnaşyklaryň halkara derejede has-da rowaçlanmagyna getirjekdigi barada aýdyldy.


Döwlet Baştutany wise-premýere bu heýkelleriň taslama görnüşlerini has-da kämilleşdirip, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.