Turkmenportal logo
01.02.24
3105331053
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýygyndysy futzal boýunça zananlaryň arasyndaky MAFA-nyň çempionatyna gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine ugrady

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy futzal boýunça Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine ugrady.


Turnir 2 — 12-nji fewral aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.


Kamil Mingazowyň we Ýakup Öwezowyň golastynda turnire taýýarlanan Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminden 14 oýunçy orun aldy.


Deslapky maglumatlara görä, turniriň çäginde geçiriljek oýunlar Täjigistanyň teleýaýlymlary arkaly göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetiriler.


Aşakda size Türkmenistanyň ýygyndysynyň turnirdäki geçirjek oýunlarynyň tertibini hödürleýäris:


  • 4-nji fewral – Türkmenistan – Gyrgyzystan
  • 5-nji fewral – Türkmenistan – Özbegistan
  • 7-nji fewral – Täjigistan – Türkmenistan
  • 9-njy fewral – Eýran – Türkmenistan