Turkmenportal logo
01.02.24
4660646606
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň zenanlar futzal ýygyndysynyň MAFA-nyň çempionatynda geçirjek duşuşyklarynyň tertibi belli boldy
Surat: TFF

Futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň — «CAFA Women’s Futsal Championship-2024» halkara ýaryşyna gatnaşar. 4-11-nji fewral aralygynda guraljak halkara ýaryşy milli ýygyndylaryň 5-siniň (Türkmenistan, Täjigistan, Eýran, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy) gatnaşmagynda geçiriler. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.


Zenanlar ýygyndy toparymyz halkara ýaryşyna taýýarlygyň çäginde ýanwar aýynda 20 günüň dowamynda paýtagtymyzda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi. Türgenleşik ýygnanyşygynyň ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzümi Ýakup Öwezowyň we Kamil Mingazowyň ýolbaşçylygynda geçirilendigini bellemek gerek.


Ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzümi halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin futzalçylaryň 14-sini milli ýygyndymyzyň düzümine çagyrdylar.


Derwezeçiler: Aýşa Amanberdiýewa, Malika Eminowa.


Meýdançadaky oýunçylar: Jeren Mämmedowa, Kamila Mingazowa, Maýa Musaskaýa, Perwana Gurbanowa, Leýli Atajanowa, Swetlana Prýannikowa, Jemile Babaýewa, Malika Mämmedowa, Mariýa Çaryýewa, Ejegül Durdyýewa, Läle Haýypowa, Mariýa Hmyrowa.


Şeýle-de, MAFA-nyň ýaryşynda türkmenistanly halkara derejeli emin Merjen Bagşyýewa eminlik etmäge çakylyk aldy. TFF-niň Eminler bölüminiň başlygy Wadim Baratow bolsa halkara ýaryşynda eminleriň gözükdirijisiniň wezipesini ýerine ýetirer.


Zenanlar ýygyndymyzyň oýunlarynyň tertibi (Aşgabatda wagty bilen görkezilen)


1-nji tapgyr


4-nji fewral (ýekşenbe)


14:00 - TÜRKMENISTAN - Gyrgyzystan


2-nji tapgyr


5-nji fewral (düşenbe)


16:00 - TÜRKMENISTAN - Özbegistan


3-nji tapgyr


7-nji fewral (çarşenbe)


19:00 - Täjigistan –– TÜRKMENISTAN


4-nji tapgyr


9-njy fewral (anna)


16:00 - Eýran - TÜRKMENISTAN