Turkmenportal logo
29.01.24
4138641386
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ulag geçelgesine goşulmaga çagyrylýar
Hytaý «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ulag geçelgesine goşulmaga çagyrylýarSurat: spot.uz

Özbegistan Hytaýy Merkezi Aziýany Türkiýe bilen birleşdirýän ulag geçelgesine goşulyşmaga çagyrýar.


Bu geçen hepde Pekinde «Özbekdemirýollary» paýdarlar geňeşiniň başlygy Zufar Narzullaýew bilen «Hytaý döwlet demirýollarynyň» başlygy Go Szuhuýeniň arasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy diýlip, «nCa» tarapyndan habar berildi. Şeýle hem bu geçelgäniň geçirijilik ukybyny bilelikde ýokarlandyrmak teklip edilýär.


«Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ulag geçelgesi arkaly Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda halkara multimodal ulag geçelgesini döretmek boýunça degişli Teswirnama 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Daşkende gol çekildi.


Bu resminama Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ýük daşamagy guramagy göz öňünde tutýar.