Turkmenportal logo
26.01.24
1293712937
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly eminler MAFA-nyň okuw-maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanly FIFA-nyň eminleri Resul Mämmedow, Arslan Goşşanow hem-de Çarymyrat Gurbanow Özbegistanyň paýtagty Daşkend şäherinde 20—24-nji ýanwar aralygynda geçirilen Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasy (MAFA) tarapyndan geçirilen eminleriň okuw-maslahatyna (CAFA Referees Seminar) gatnaşdylar.


Çarymyrat Gurbanowyň okuw-maslahatyna synçy hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek.


Okuw-maslahatynyň dowamynda 2024-nji ýylyň dowamynda MAFA tarapyndan geçiriljek futbol bäsleşiklerinde FIFA tarapyndan girizilen üýtgeşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Şeýle-de, onuň dowamynda eminler topary halkara oýunlarda netijeli eminlik etmekde tejribe toplamaga gowy mümkinçilik aldylar.