Turkmenportal logo
26.01.24
2012520125
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryny Respublika güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.


--- Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, täze sepgitlere ýetirilmegine uly gyzyklanma bildirýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de halklarymyzyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn --- diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda belledi.


Türkmenistanyň Prezidenti, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa we Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri, Hindistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.