Turkmenportal logo
22.01.24
2827528275
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Singapur bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Singapur döwletiniň Söwda we senagat ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada TSSE habar berýär.


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 18-nji ýanwarda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň dowamynda iki ýurduň işewürleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändigine aýratyn ähmiýet berlip, onuň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda durlup geçildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


Özara hyzmatdaşlygyň ugrunda akylly şäher, ýaşyl energetika, telekommunikasiýa, lukmançylyk we bilim ulgamlaryndaky hyzmatlar we tejribeler boýunça teklipler hödürlenildi.

Türkmenistan Singapur bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar | Turkmenportal.com