Turkmenportal logo
20.01.24
4839348393
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda futzal möwsümi bilen bagly maslahat ýygnagy geçirildi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň konferens zalynda 2024-nji ýylyň futzal möwsümi bilen bagly maslahat ýygnagy geçirildi.


Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasyna gatnaşýan toparlaryň ýolbaşçylarydyr tälimçileriniň gatnaşmagyndaky maslahat ýygnanyşygy TFF-niň başlygynyň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän Berdimyrat Nurmyradowyň hem-de TFF-niň Futzal bölüminiň başlygy Annanur Gulowyň ýolbaşçylygynda geçirildi.


Maslahatyň dowamynda 2024-nji ýylyň futzal möwsüminiň geçiş tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.