«City Business School» halkara biznes mekdebi ähli isleg bildirýänleri biznes işinden bilim almaga ýa-da anyk ugur boýunça hünär öwrenmäge çagyrýar. Türkmenistanyň çäginde «City Business School» merkeziniň resmi wekili hökmünde «Iş Nokady» hojalyk jemgyýeti çykyş edýär.
«City Business School» maksatnamalary kimler üçin niýetlenen?
MBA (Master of Business Administration) programmasy ýolbaşçylyk ukyplaryny ösdürmek we biznes pudagynda çuňňur bilim almak isleýänler üçin ajaýyp saýlawdyr. Bu eýýäm belli bir iş tejribesi bolan hem-de zähmet ýolunda täze ösüşleri gözleýän professional hünärmenler üçin niýetlenendir.
«City Business School» mekdebiniň beýleki maksatnamalary hem dolandyrmakda we strategiki çözgütleri çykarmakda başarnyklaryny kämilleşdirmek isleýän telekeçiler, menejerler hem-de ýolbaşçylar üçin laýykdyr. Olar şeýle hem öz biznesini ýola goýmagy ýa-da uly kompaniýada ýokary wezipäniň eýesi bolmagy maksat edinýänler üçin peýdalydyr.
«City Business School» mekdebinde okuwlar nähili geçilýär?
«City Business School» mekdebinde okuwlar onlaýn formatda, ýörite biznes mekdebiniň platformasy arkaly geçilýär. Bu bolsa size özüňize amatly wagtda we dünýäniň islendik ýerinden okamaga mümkinçilik berýär.
«City Business School» mekdebinde okamagyň artykmaçlyklary:
- islendik wagt elýeterli;
- teoriýa + tejribe;
- ikitaraplaýyn aragatnaşyk;
- gutardyş diplomlary.
Okuwlaryň ugurlary:
- şahsy netijelilik;
- ýolbaşçylyk;
- satuwlar;
- dolandyryş;
- marketing;
- HR;
- maliýe;
- karýera.
«City Business School» mekdebinde 1300-den gowrak mugallym we hünärmen işleýär. Häzirki wagtda biznes mekdebinde Türkmenistandan 500-den gowrak öwreniji okaýar.
Okuw maksatnamalary we biznes mekdebine girmek barada has giňişleýin maslahatlary almak üçin şu salgylanma arkaly arza goýmalydyr

