Turkmenportal logo
16.01.24
2443424434
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serhet çäklerini kesgitlemek boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek iş toparynyň duşuşygy geçirildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

5—11-nji ýanwarda Özbegistanyň Buhara şäherinde serhet çäklerini kesgitlemek boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek iş toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi diýlip, Özbegistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan habar berildi.


Duşuşykda taraplar kartografik materiallary taýýarlamak we özbek-türkmen Döwlet serhediniň käbir böleklerinde meýdan işlerini geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Habarda bellenilişi ýaly, dostluk hem-de özara düşünişmek esasynda geçen çäreleriň ahyrynda degişli Teswirnama gol çekildi hem-de nobatdaky duşuşygy Türkmenistanda geçirmek bellenildi.


Ýeri gelende bellesek, Türkmen-özbek serhediniň kanuny taýdan resmileşdirilmegi baradaky gepleşikler Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 2017-nji ýylyň 6-7-nji martynda Türkmenistana döwlet saparyndan soň başlanypdy. Şondan bäri iki ýurduň hünärmenleri umumy serhediň käbir böleklerinde meýdan howa suratlaryny düşürmek boýunça we topografiki-geodeziki işleri alyp barýarlar.


«Daryo» tarapyndan habar berlişi ýaly, Türkmen-özbek serhediniň uzynlygy 1650 kilometre barabardyr.