Turkmenportal logo
16.01.24
1924919249
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň Patyşasyny tagta geçmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Daniýanyň Patyşasy, Onuň Alyjenaby Fridrih X tagta geçmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


– Siziň hökümdarlyk etmegiňizde Daniýanyň durmuş-ykdysady babatda ýokary ösüşleri gazanjakdygyna, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza bolsa täze itergi beriljekdigine ynanýaryn — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belledi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Onuň Alyjenaby Fridrih X berk jan saglyk, şahsy bagtyýarlyk we abadançylyk, Daniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw etdi.