Turkmenportal logo
12.01.24
3309433094
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýanwar aýynyň ahyrynda Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumy geçiriler

Russiýanyň Astrahan sebitiniň Daşary gatnaşyklar ministrliginiň Telegram kanalynda habar bermegine görä, ikinji türkmen-rus işewürlik forumy 30-31-nji ýanwarda Aşgabatda geçiriler.


Bu edara Astrahan sebitindäki gyzyklanýan guramalary işewürlik çäresine gatnaşmaga çagyrdy. Gatnaşmak bilen baglanyşykly soraglar üçin ministrligiň Hazar döwletleri bilen hyzmatdaşlyk boýunça bölümine ýüz tutmak haýyş edilýär.


Bu forum Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda, ykdysady we senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.


Türkmenistandan işewürlik forumyna gatnaşmak üçin gyzyklanýan kompaniýalar Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň halkara hyzmatdaşlyk bölümi bilen habarlaşyp bilerler: (+993 12) 39-88-98.