Turkmenportal logo
02.01.24
4757147571
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aziýa kubogyna gatnaşjak ýeke-täk türkmeniň ykbaly italýan klubyna bagly

Eýranyň Futbol federasiýasy milli ýygyndynyň türkmen hüjümçisi Serdar Azmunyň Aziýanyň kubogyna gatnaşmagy üçin rugsat sorap, Italiýanyň «Roma» klubyna resmi hat ýollady. Yklym ýaryşy 12-nji ýanwar ― 10-njy fewral aralygynda Katarda geçiriler.


Italiýanyň kluby resmi razylyk berensoň, Serdar Azmun milli ýygynda goşulyp biler.


1-nji ýanwarda 29 ýaşyny dolduran eýranly türkmen «Romanyň» gatnaşan ähli ýaryşlarynda 13 duşuşyk geçirip, olarda bir gezek tapawutlandy.


Eýranyň ýygyndysynyň toparçalaýyn tapgyrda BAE-niň, Gonkongyň we Palestinanyň ýygyndylary bilen duşuşjakdygyny ýatladýarys.