Turkmenportal logo
22.12.23
3557735577
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýunus Gurbanow Pravda Boxing-däki ikinji ýeňşini gazandy

Türkmenistanly boksçy Ýunus Gurbanow professional ringdäki ikinji ýeňşini gazandy. Ol Moskwa şäherinde geçirilen Pravda Boxing ýaryşynda russiýaly Sergeý Seliwerstowy dört döwüň netijesinde tehniki nokaut bilen ýeňdi.


Şeýlelikde, henize çenli bu ligada iki tutluşyk geçiren Gurbanow olaryň ikisinde hem tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy. Ol professional ligadaky ýoluna şu ýylyň awgust aýynda girişipdi.


31 ýaşly Gurbanow Gala Sports Management promouterlik agentliginiň türgenidir.