Turkmenportal logo
11.12.23
7409974099
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenhowaýollary» agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçuşlary üçin petek satuwyny amala aşyrýar

«Türkmenhowaýollary» agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň birnäçesiniň uçuşlary üçin petek satyn almak boýunça hyzmatyny hödürleýär diýip, agentlik «Turkmenportala» habar berdi.


Hususan-da, agentligiň satuw ofislerinden Russiýanyň «Sibir» («S7 Airlines»), Türkiýäniň «Turkish airlines», şeýle hem BAE-niň «Fly Dubai» hem-de «Emirates» awiakompaniýalarynyň göni we utgaşdyryjy uçuşlaryna petek satyn alyp bilersiňiz.


Awiapetekleriň satuw ofisleri «Türkmenhowaýollary» agentliginiň esasy administratiw binasynyň 2-nji gatynda, şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat şäheri, Oguz han köç., 211-nji jaý.


Habarlaşmak üçin üçin telefon belgisi: (+993 12) 39-17-72.