Turkmenportal logo
28.11.23
2822328223
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AÇL – 2023/24: “Ahal” “Al-Feýhanyň” myhmany bolar

“Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň “Ahal” futbol topary şu gün AFK-nyň Çempionlar ligasynyň bäşinji tapgyrynyň çäginde Saud Arabystanynyň “Al-Feýha” toparynyň myhmany bolar.


Şu gün “Prince Faisal bin Fahd” stadionynda geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21-de başlanar.


Iki topar AÇL-niň şu möwsümindäki ilkinji duşuşygyny Türkmenistanda geçiripdiler. Şol duşuşyk Serdar Geldiýewiň şägirtleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.


Dört duşuşykda dört utuk toplan bilen “Ahal” “A” toparçasynda üçünji orny eýeleýär. Dördünji orundaky “Al-Feýhanyň” bolsa 3 utugy bar. 12 utukly “Al-Aýn” (BAE) ýaryşyň indiki tapgyryna çykmaga hukuk gazanan bolsa, özbekleriň “Pahtakorynyň” 4 utugy bar.