Turkmenportal logo
28.11.23
1649716497
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Husraw Nozirini YHG-nyň güni bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Husraw Nozirini YHG-nyň güni bilen gutladylar

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirä YHG-nyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


Gutlag hatlarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikler, YHG-nyň Sekretariatynyň işgärlerine bolsa mähirli gutlaglar, täze üstünlikleri gazanmak baradaky arzuwlar beýan edilýär.