Turkmenportal logo
16.11.23
3141331413
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýäniň Türkmenistanda geçiriljek Medeniýet günleriniň meýilnamasy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 18 — 20-nji noýabrynda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler.


Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýty Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleriniň meýilnamasyny paýlaşdy:


18-nji noýabr:


11:00 — 12:00 – Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň we ebru sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy hem-de Türkiýäniň milli tagamlarynyň hödür edilmegi.


Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi.


19:00 — 21:00 – Türkiýe Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti.


Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi.


19-njy noýabr:


Türkmenabat şäheri:


17:00 — 18:30 – Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti.


Geçirilýän ýeri: Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry.


Aşgabat şäheri:


09:00 — 18:00 – Türkiýe Respublikasynyň amaly-haşam hem-de ebru sungatynyň eserleriniň sergisiniň işiniň dowam etmegi.


Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi.


19:00 — 21:00 - Türk kinofilminiň görkezilişi.


Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» kinoteatry.


20-nji noýabr:


10:30 — 11:30 – Myhmanlaryň Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmekleri.
12:00 — 13:00 – Myhmanlaryň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Watan mukaddesligi» muzeýine baryp görmekleri.
14:00 — 16:00 – Myhmanlaryň Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine we söwda merkezlerine baryp görmekleri.
15:00 — 16:00 – Türk kinofilminiň görkezilişi.


Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» kinoteatry.


17:00 — 18:00 – Türkiýäniň dokma atlasynyň sergisi hem-de milli türk lybaslarynyň görkezilişi.


Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýy.