Turkmenportal logo
06.11.23
3546135461
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen telekeçileri düýeguşlary eksport etmegi meýilleşdirýärler

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky fermada 2000-den gowrak Afrika düýeguşlary saklanýar. Guşlar bu ýerde özlerini öýlerinde ýaly duýýarlar.


5 gektar meýdanda ýerleşýän fermada jüýjeleri köpeltmek üçin ähli şertler döredilipdir. Guşlara aýlanmak üçin giň meýdança bar. Düýeguşlar agram almak üçin yzygiderli hereket etmeli: günde azyndan 25 kilometr geçmeli.


HHM-niň habaryna görä, häzirki wagtda fermada 400 sany düýeguş jüýjesine ideg edilýär we telekeçiler bu guşlary GDA ýurtlaryna eksport etmegi meýilleşdirýärler.


Ozal telekeçi Maýsa Welmyradowa degişli bolan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän fermada düýeguşlaryň 500-sine talabalaýyk ideg edilýändigi barada habar beripdik. Bu ferma 2,5 — 3 müň düýeguşy idetmäge niýetlenen bolup, ol 5 gektar meýdany tutýar.