Turkmenportal logo
02.11.23
3490334903
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ahal» ― «Pahtakor» duşuşygynyň petekleri satlykda

Düýn ― 1-nji noýabrda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň dördünji tapgyrynyň çägindäki «Ahal» (Türkmenistan) ― «Pahtakor» (Özbegistan) duşuşygynyň petekleri satlyga çykdy.


7-nji noýabrda «Aşgabat» stadionynda geçiriljek we sagat 19:00-da başlanjak duşuşygyň giriş peteklerini bu stadionyň kassasyndan satyn alyp bolýar. Bir petegiň bahasy ― 30 manat.


Mundan başga-da, petekleri satyn almak mümkinçiligi «Berkarar», «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkezlerindäki hem-de «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezindäki degişli nokatlarda hem döredildi.


Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 (12) 95-50-37.