Turkmenportal logo
21.09.23
2603026030
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Noýabr aýynda Aşgabatda eýran harytlarynyň sergisi geçiriler

Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde eýran harytlarynyň ýöriteleşdirilen «Iran Project» sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Muny Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Halesiň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär.


«Sergide tehniki we inženerçilik hyzmatlary, şeýle hem gurluşyk materiallary, binagärlik, nebithimiýa, nebit, gaz we energetika pudaklary görkeziler» diýip, diplomat çarşenbe güni Aşgabatda açylan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde aýtdy.


Şeýle hem ilçi oktýabr aýynda Aşgabatda 17-nji bilelikdäki Türkmen-Eýran hyzmatdaşlyk komissiýasynyň geçiriljekdigini belledi. Çeşmäniň habaryna görä, oňa Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Mehrdad Bazrpaşiniň gatnaşmagyna garaşylýar.



Şeýle-de okaň: