Ozal habar berşimiz ýaly, 25-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýedi aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy, şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli sentýabr aýynda ýurtda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sentýabr aýynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar geçiriler.
Şeýle hem «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Çalsana, bagşy!» bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary, ýurduň ykdysady gazananlarynyň sergisi, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi» atly halkara maslahat, «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara media forumy geçiriler.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar hem-de beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler guralar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk işiniň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutany öňde boljak dabaraly maslahatlara, medeni-köpçülikleýin çärelere, şol sanda dürli maksatly binalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, wise-premýere olaryň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.