Turkmenportal logo
16.08.23
2026620266
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň sambo ýygyndysy Gyrgyzystanda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

Türkmenistanyň sambo boýunça erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň agzalary 19-20-nji awgust günlerinde Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl welaýatynyň Çolpon-Ata şäherinde geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşarlar.


Şäherdäki «Gazprom-detýam» sport toplumynda geçiriljek halkara ýaryşa türkmen türgenlerinden başga-da, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Mongoliýanyň, Hytaýyň, Kamerunyň, Horwatiýanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň, Serbiýanyň, Fransiýanyň, Bolgariýanyň, Ysraýylyň, Ermenistanyň, Indoneziýanyň Russiýanyň (FIAS 1) we Belarusyň (FIAS 2) toparlary gatnaşar.


Ýaryşdan soň bu ýerde eminleriň maslahatynyň hem-de tälimçilerdir türgenler üçin türgenleşikleriň boljakdygyny habar berýäris.